Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň demir ýol agentlikleri KTI demir ýol taslamasyny durmuşa geçirmekde halkara guramalary çekmegi öz içine alýan utgaşdyryjy iş toparyny döretmek hakynda çözgüt kabul etdiler. Bu çözgüt Aşgabatda söwda, ulag we maglumat amallaryny aňsatlaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilen 19-njy halkara okuw maslahatynda kabul edildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Çärä Merkezi Aziýanyň ulag edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde sanly ulgama geçmek we maglumat alşygyny standartlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hytaýy, Gazagystany, Hazar deňzini, Azerbaýjany, Gruziýany, Türkiýäni we Ýewropany özara baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň netijeli işlemegi üçin halkara standartlara eýermegiň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, elektron resminamalary we sanly gollary ykrar etmegiň, maglumatlary goramagyň we onuň binýadyny ösdürmegiň hukuk meselelerine garaldy.
Okuw maslahatynyň jemleri boýunça logistika işini ýeňilleşdirmäge, resminama işlerini azaltmaga we sebitiň ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen sanly ulag geçelgeleri boýunça teklipler işlenilip taýýarlanyldy.