TDHÇMB

Türkmenistanda senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy

BT
Türkmenistanda senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibini tassyklady. Degişli çözgüt Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde kabul edildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň hasabat bermegine görä, bu resminama “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Onda synaglary geçirmegiň tertibi we möhleti, gerekli resminamalaryň sanawy hem-de synag toparynyň iş düzgünleri kesgitlenendir.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ykdysadyýetiň durnukly ösmegi üçin zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ähmiýetini belledi we kabul edilen çäreleri durmuşa geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Mart 16, 2025