Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri “Team Belgium Global Gateway” maslahatynda tanyşdyryldy

BT
Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri “Team Belgium Global Gateway” maslahatynda tanyşdyryldy
“Team Belgium Global Gateway” atly “tegelek stol” maslahaty, 2025-nji ýylyň 14-nji marty, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň wekilleri anna güni Brýussel şäherindäki “Egmont” köşgünde geçirilen “Team Belgium Global Gateway” atly “tegelek stol” maslahatyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň ilçihanasynyň geňeşçisi Ýagşymyrat Kakajanow öz çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri, onuň strategik taýdan eýeleýän orny we amatly maýa goýum gurşawy barada giňişleýin durup geçdi.

Türkmen diplomaty öz ýurdunyň söwda, logistika we senagat ugurlary boýunça Belgiýa we Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Tanyşdyryş çykyşynyň esasy mowzugy Türkmenistanyň ulag düzümlerine bagyşlandy. Ý.Kakajanowyň bellemegine görä, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewraziýanyň söwda gatnaşyklarynda möhüm baglanyşdyryjy merkeze öwrülýär. Uzynlygy 5 müň kilometre ýetýän demir ýol ulgamy, döwrebap terminallar, olarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Belgiýanyň kompaniýalary üçin amatly şertleri döreder.

Energetika pudagynda Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny hem-de Gündogar – Günbata gaz geçirijisiniň ähmiýetini düýpli berkitmäge ýardam etjek Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri Ýewropanyň işewürlerini senagat we gurluşyk pudaklarynda maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Hususan-da, ýokary tehnologiýaly senagat zolaklaryny giňeltmegiň, mineral çig mallary gaýtdan işleýän häzirki zaman senagat toplumlaryny döretmegiň meýilnamalaryna hem-de ýurduň dag magdan pudagyna ekologiýa taýdan durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça başlangyçlara belgiýaly kompaniýalaryň wekilleriniň ünsi çekildi.

Saglygy goraýyş pudagynyň ösdürilmegi geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Türkmen tarapy Belgiýanyň lukmançylyk enjamlaryny we derman serişdelerini öndürýän kompaniýalaryny, saglygy goraýyş ulgamyndaky maýadarlary strategik taýdan möhüm ähmiýeti bolan bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge çagyrdy.

Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Belgiýanyň “Jan De Nul”, “DEME”, “Port of Antwerp-Bruges”, “Sarens we “Elia Grid International” ýaly kompaniýalarynyň wekilleri bar. Olar iri möçberli gurluşyk we logistika taslamalary ulgamynda geljekki hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri öwrendiler.

Iri ykdysady agentlikleriň gatnaşmagynda Belgiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çäre Merkezi Aziýa sebitinde maýa goýum mümkinçilikleri hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak üçin hökümet we işewürlik düzümleriniň wekillerini, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenlerini bir ýere jemledi.

2022