TDHÇMB

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Lounge Key” programmasyny hödürleýär

BT
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Lounge Key” programmasyny hödürleýär
Howa menzillerindäki garaşylýan zalda “Lounge Key” programmasyny ulanýanlara geçmäge rugsat edilýändigi barada ýazgy (Surat: traveloka.com)

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “MasterСard Gold” we “MasterСard Business” kartlarynyň eýeleri üçin “Lounge Key” programmasynyň üsti bilen garaşylýan halkara zallara girmek mümkinçiligini hödürleýän täze hyzmatyň girizilendigini mälim edýär. Bu barada “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Täze hyzmat bankyň müşderilerine ýylda iki gezek dünýäniň halkara howa menzillerindäki biznes zallaryna mugt girmäge mümkinçilik berer.

Onuň üsti bilen müşderiler diňe bir amatly dynç alynýan ýerlere däl, eýsem, mugt içgilere, ýeňil garbanmalara, internet hyzmatyna, zerur bolanda maslahatlar zalyna hem elýeterliligi gazanyp bilýärler.

“Lounge Key” programmasy 135 ýurtdaky 450-den gowrak şäherde ýerleşýän 1100-den hem köp howa menzilde peýdalanmak üçin eleýeterlidir.
Hyzmaty ulanmak üçin howa menzilleriniň biznes dynç alyş ýerleriniň işgärlerine bank kartyny görkezmek ýa-da QR kod çykarmak üçin “Lounge Key” mobil goşundysyndan peýdalanmak ýeterlikdir. Hasaba alyş işi programmanyň mobil goşundysynda we resmi web-saýtynda elýeterlidir.

Mart 19, 2025