Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Premýer-ministri, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar energetika pudagynda, maýa goýumlar we ulag taslamalary ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmek boýunça işlere aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar taslamanyň häzirki tapgyrdaky işleri boýunça pikir alyşdylar. Gaz geçirijisini durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolan Owganystandaky Serhetabat-Hyrat böleginiň gurluşygyna baha berildi. Katar tarapy alnyp barlan işlere ýokary baha berip, sebitiň energetika düzümlerini ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine hem seredildi. Ministrler durnukly syýasy dialogyň, şeýle hem ýokary derejeli yzygiderli gepleşikleriň ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine itergi berýändigini bellediler.
Şeýle hem şol gün Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tani bilen hem duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Katar Döwletiniň Emiri öz gezeginde, hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gutlaglaryny we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Katar Döwletiniň ýolbaşçylaryny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek ýokary derejeli foruma gatnaşmaga çagyrdy.