TDHÇMB

Aşgabatda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek meseleleri maslahatlaşylýar

BT
Aşgabatda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek meseleleri maslahatlaşylýar
Türkmen işewürleriniň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenista (Foto: THP)

Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň işewür wekilleri we daşary ýurt kompaniýalary ýurduň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek meselelerine bagyşlanan ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly halkara forumyň çäklerinde guralan duşuşyklara döwlet düzümleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şol sanda Niderlandlaryň “M&P Holding” kompaniýasynyň baş direktory we Germaniýanyň “Kronen GmbH” dolandyryjy direktorynyň orunbasary gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryna maýa goýumlary çekmegiň gurallaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika, gurluşyk, eksport we tehnologik ösüş ugurlaryndaky maýa goýum taslamalary gepleşikleriň esasy özeni boldy. Duşuşyklara gatnaşyjylar Türkmenistanda durnukly maýa goýum gurşawyny döretmäge we ykdysady kuwwatlyklary berkitmäge aýratyn üns berdiler.

“IFT 2025” forumynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar taraplaryň ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny tassyklady. Ol Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna we hususy pudagynyň ornunyň berkidilmegine ýardam etjek maýa goýum strategiýasynyň durmuşa geçirilişinde möhüm waka bolar.

“IFT 2025” forumy işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, maýa goýum taslamalary tanyşdyrmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýär. Ol maýa goýumlar we durnukly ykdysady ösüş babatda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolar.

Mart 20, 2025