TDHÇMB

Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň ýokary derejeli wekiliýetini Türkmenistanda geçiriljek maslahata çagyrdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň ýokary derejeli wekiliýetini Türkmenistanda geçiriljek maslahata çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda Russiýanyň ýokary derejeli wekiliýeti 29-njy martda çagalary goramaga bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” ady bilen geçiriler.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çakylygy kabul edip, Türkmenistanda geçiriljek çärelere, ilkinji nobatda, çagalary goramak boýunça halkara maslahata rus parlamentariýleriniň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekde Walentina Matwiýenkonyň şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bellemegine görä, Walentina Matwiýenkonyň, hususan-da, Sankt-Peterburgyň we Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçy düzümlerinde dürli wezipelerde alyp baran köpýyllyk işi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Söhbetdeşler dürli ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda täze hyzmatdaşlyk formatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Walentina Matwiýenkonyň goldamagy bilen ösdürilen başlangyçlara – parlamentara hyzmatdaşlyga we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň zenanlar dialogyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar özara düşünişmek, ynnayşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlary arzuw etdiler.

Mart 22, 2025