TDHÇMB

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Alparslan Baýraktar bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Türkiýäniň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak hem-de “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen ikiçäk duşuşyklary boldy.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylar, hususan-da, energetika we gurluşyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Erman Ylyjak bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe bilen aýratyn-da, energetika ulgamynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, türkmen tebigy gazyny Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri elektrik energiýasynyň iberilişini, şol sanda Hazar deňziniň üsti arkaly giňeltmegiň geljegine ünsi çekdi. Bu deňziň türkmen kenarynda gurulýan elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere we Türkiýä eksport etmek üçin täze mümkinçilikler dörär. Şunda türk tarapynyň bu babatda täze tekliplerine garamaga taýýarlyk beýan edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahmet Çalyk bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Duşuşyklaryň dowamynda şeýle hem gurluşyk we infrastruktura ulgamlarynda türk kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri, Türkmenistanyň ilatynyň durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine we onuň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjek saglygy goraýyş we energetika taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjek hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigne ynam bildirdiler.

Mart 23, 2025