TDHÇMB

Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy Bütindünýä şygryýet gününi belledi

BT
Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy Bütindünýä şygryýet gününi belledi
Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli edebi çäre, (Surat: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň ilçihanasy türkmen ýaşlary bilen bilelikde Kiýew şäherinde Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli edebi çäre gurady. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.

Dabara gatnaşyjylar türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň we nusgawy şahyrlarynyň eserlerini labyzly okamak boýunça çäre geçirdiler. Bu başlangyç, hususan-da, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny dabaralandyrmagyň çäklerinde paýhas-parasat çeşmesi bolan şygryýet dünýäsine üns çekmäge gönükdirildi.

Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli edebi çäre, (Surat: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy)

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň “Budur türkmen binasy” atly şygrynyň birnäçe dilde okalmagy dabaranyň şanly wakasyna öwrüldi. Öz Watanynyň ýagty geljegini we gülläp ösüşini öňünden gören şahyryň bu goşgusy türkmen, iňlis, german, ukrain, türk ýaly dünýä halklarynyň dokuz dilinde ýaňlandy.

Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şahyrana eserlerini labyzly ýerine ýetirdiler. Parahatçylyk, Bitaraplyk we umumadamzat gymmatlyklar bu eserleriň özeninde duran garaýyşlardyr.

Dabarany guraýjylar medeni çäräniň halklaryň arasynda dostlugyň we medeni dialogyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini bellediler. Şeýle ýörelgeler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryna hem laýyk gelýär.

Mart 25, 2025