TDHÇMB

BMG “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnama kabul etdi

BT
BMG “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnama kabul etdi
Aksoltan Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda çykyş edýär, 2025-nji ýylyň 21-nji marty, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy anna güni “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan tassyklady. Taryhy ähmiýetli çözgüt 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň çäklerinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa halkara jemgyýetçiliginiň öňünde çykyş edip, ýurduň daşary syýasatynda Bitaraplyk hukuk derejesiniň eýeleýän binýatlaýyn ornuna ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Diplomatyň bellemegine görä, hut Bitaraplyga ygrarlylyk Türkmenistana dünýä giňişliginde parahatçylyk döredijilik syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Çykyşyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar etmek hakynda Kararnamany kabul eden wagtyndan bäri, Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde öňüni alyş diplomatiýanyň möhüm guraly hökmünde bu çemeleşmäniň netijeliligini görkezip gelýändigi bellenildi.

Kabul edilen Kararnamada bitarap döwletleriň çäklerini parahatçylyk gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmak babatda maslahatlaryň berilýändigi bellärliklidir.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. BMG-niň düzüminde şeýle hem Bitaraplygyň dostlary topary hereket edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda bolsa birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.

Mart 26, 2025