“Vogue Italia” we “Wondernet” atly iri halkara žurnallar özleriniň neşirlerini 17 – 19-njy martda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” halkara forumynyň çäklerinde guralan “Turkmenistan Fashion Project” moda görkezilişine bagyşladylar. Žurnalistler okyjylara dünýäniň moda sahnalarynda yzygiderli çykyş edýän türkmen moda sungaty barada özüne çekiji habarlary okyjylaryna ýetirýär.
Habarçylaryň bellemegine görä, türkmen milli lybaslary – bu diňe bir egin-eşik bolman, tutuş halkyň ýylýazgysydyr. Her bir nagyş, her bir gülli şekil nesilden-nesle geçirilýän çuň aňlatmaly pikiri özünde saklaýar. Çylşyrymly keşde çekmek usuly we däp bolan nagyşlar bu lybaslary hakyky sungat eserlerine öwürýär.
Geçirilen çärede “Gólli”, “Mähirli Zenan”, “Aýperi” we “Nagyşly güzer” ýaly ýerli moda öýleri aýratyn üns çekdi. Olaryň dizaýnerleri milli däplere çuň hormaty we ajaýyp häzirki zaman ýörelgeleri deňagramly utgaşdyrýarlar. Moda öýleriniň lybaslar toplumlary – baý medeni miras bilen dünýäniň moda sahnasynyň esasy gözellikleriniň arasyndaky hakyky köprüdir.
“Turkmenistan Fashion Project” moda görkezilişi medeni alyşmalar üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bu ýönekeý bir görkeziliş bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap dizaýnyň täsirleriniň üsti bilen milli özboluşlylygyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ýerli dizaýnerler özlerini halkara giňişlikde tanatmaga ajaýyp mümkinçilige eýe boldular.
Žurnalistler ak mermerli Aşgabadyň binagärlik gözelligine aýratyn üns çekdiler. Olaryň nygtamagyna görä, şäheriň binagärligi moda senagatynyň suratlaryny düşürmek üçin naýbaşy ýerdir. Gar ýaly ak binalaryň, ýadygärlige çalymdaş şaýollaryň gaýtalanmajak gurşawy döredýändigini halkara stilistler uly joşgun bilen nygtaýarlar. Türkmenistanyň paýtagty dünýäniň moda senagaty üçin hakyky täzelige öwrülýär diýlip, neşirlerde bellenilýär.
“Vogue Italia” we “Wondernet” žurnallarda çap edilen makalalar türkmen moda stiliniň ýerli täsinlikden çykyp, gerimini barha giňeldýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ol dünýäniň moda söýüjileriniň kalplaryny eýelemek bilen ählumumy gözellik ýörelgesine öwrülýär.