Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow duşenbe güni Tbilisi şäherinde eýelenen çäklerden mejbury göçürilen adamlaryň işleri, zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy boýunça ministri Mihail Sarjweladze bilen duşuşdy. Geçirilen gepleşikler saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.
Taraplar mümkin bolan hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şol sanda lukmançylyk uniwersitetleriň arasynda hünär alyşmalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilelikdäki hünär bilimleri boýunça çäreleri – maslahatlary, okuw seminarlary we forumlary guramagyň mümkinçilikleri boýunça işlemeklik ylalaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň amala aşyran saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdaky möhüm ähmiýeti bellenildi.
Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek iri halkara çäreler barada gürrüň berdi. Ol şeýle hem 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamany goldandygy üçin Gruziýanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.
Taraplar bu başlangyçlaryň türkmen-gruzin gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.