Türkmenistan bilen Ýaponiýa suw arassalaýjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Ýaponiýa suw arassalaýjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Atadurdy Baýramowyň Hideomi Koinuma, Tokio uniwersitetiniň, Tohoku uniwersitetiniň we Çiba uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 25-nji marty, Tokio, Ýaponiýa (Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen birleşiginiň ýolbaşçysy Hideomi Koinuma bilen duşuşyk geçirdi. 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Tokio şäherinde geçirilen maslahatlaşmalaryň barşynda suw arassalaýjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygy baglaşmagyň mümkinçiliklerine garaldy diýip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşyga şeýle hem Tokio uniwersiteti, Tohoku uniwersiteti, Çiba uniwersiteti ýaly Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we “Tohkemy Corporation” kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurtlaryň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de 2024-nji ýylyň jemlerini jemlemek, 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Ýapon tarapy lukmançylyk, oba hojalygy, uglerodlary azaltmak we “ýaşyl” tehnologiýalar ýaly ugurlarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrmak maksady bilen ýakyn wagtda Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

2022