Aşgabatda ilkinji “ÝB-MA” sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

BT
Aşgabatda ilkinji “ÝB-MA” sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Aşgabatda Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Geçirilen gepleşikler Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Pikir alyşmalaryň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň syýasy erki we tagallalary netijesinde gazanylan döwletara dialogyň ýokary derejä göterilendigini bellediler.

2022