Aşgabatda ÝB-niň we MA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

BT
Aşgabatda ÝB-niň we MA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
“Ýewrop Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 20-nji ministrler duşuşygy, 2025-nji ýylyň 27-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda penşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen çäre halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebit döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary, daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallasyň başlyklygynda geçirilen mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Roman Wasilenko, Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Meder Abakirow gatnaşdylar.

Köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek we Samarkant şäherinde geçiriljek “ÝB – Merkezi Aziýa” sammiti gepleşikleriň esasy mazmunyny emele getirdi.

Diplomatlar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ulag geçelgelerini ösdürmek, energetika hyzmatdaşlygy, ylym we bilim ulgamynda özara alyşmalar, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ulgamlarda möhüm meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda işe girizilen Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyna aýratyn üns berildi.  

ÝB-niň sanlylaşdyrmak işinde, energetika, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda innowasion çözgütleri ösdürmäge gönükdirilen “Global Gateway” başlangyjy ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýeti öz ýurdunyň Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Kaýa Kallasyň Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy göz öňünde tutulýar.

2022