Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň penşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini giňişleýin ara alyp maslahatlaşyp, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berdiler. K.Kallas Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini nygtap, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.
“Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatdaky hyzmatdaşlyk gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi. Samarkant şäherinde geçiriljek we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen sammite taýýarlyk meseleleri üns merkezinde boldy.
Geçirilen gepleşiklerde ulag arabaglanyşygynyň meselelerine hem uly üns berildi. Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjak Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatara halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşjakdyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 27-nji martynda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas bilen duşuşygy geçirildi.