Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlerini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlerini kabul etdi
Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, 2025-nji ýylyň 27-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (“Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Täjigistanyň DIM-i bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we medeni alyşmalaryň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine hem-de ulag we logistika babatda bilelikdäki taslamalara uly üns berildi.

Özbegistanyň DIM-i bilen bolan duşuşykda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli goňşuçylyk, halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi. Energetika, gurluşyk, senagat, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljegine hem-de ylym-bilm ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meselelerine garaldy.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki bilelikdäki başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022