Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk meseleleri bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk meseleleri bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny synlaýar, 2025-nji ýylyň 27-nji marty, Arkadag şäheri, Türkmenistan (Surat: THP)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerdäki desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk görlüşi bilen tanyş boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Geçirilen iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan desgalaryň gurluşyk hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli 29-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çäreleriň çäklerinde türkmenistanly ýaşajyk zehinleriň we daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň çagalarynyň gatnaşmagynda çagalar döredijilik bäsleşigi geçiriler.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň medeni-dynç alyş seýilgähini, çagalar seýilgähini we Halkara ahalteke atçylyk toplumyny synlady hem-de alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary hilli bolmagynyň, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmagyň, olarda milli binagärlik däplerini utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri welosiped we atda gezelenç etmek üçin ýodalary bolan “Ahalteke atlary” şaýoluna baryp gördi. Şunda alnyp baryljak işlerde ýokary hilli gurluşyk serişdelerinden peýdalanmagyň we milli binagärlik nusgasynyň saklanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Iş saparynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesli sazlaşykly kemala getirmegiň möhümdigini nygtap, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022