Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde “Oraza baýramyny bellemek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oraza baýramy 2025-nji ýylyň 30-njy martynda belleniler, baýram gününi düşýän dynç güni bolsa 2025-nji ýylyň 31-nji martyna – duşenbe gününe geçiriler diýip, türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bu Permany Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmäge, köpasyrlyk däp-dessurlara aýawly çemeleşmäge, ruhy baýlyklary gorap saklamaga gönükdirilendir. Şeýle hem degişli resminama Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar Permandan gelip çykýan düzgünleri ýerine ýetirmäge borçludyrlar.
Mukaddes Oraza aýynyň tamamlanmagyny alamatlandyrýan Oraza baýramy musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, bu baýramyň her ýyldaky anyk senesi kesgitlenilýär.