Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda geçiriljek “MA-ÝB” sammitine gatnaşar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantda geçiriljek “MA-ÝB” sammitine gatnaşar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baýdaklary (Surat: ÝB-niň Merkezi Aziýadaky wekilçiligi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas bilen bolan duşuşygynda 3-4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Gepleşikleriň barşynda Serdar Berdimuhamedow we Kaýa Kallas energetika, aragatnaşyk, durnukly ösüş we bilim ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we ÝB-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Samarkant şäherinde geçiriljek sammit söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlaryň geljegi uly ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini öz içine alar. Gaýtadan dikeldilýän energetika, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag we sanly ugam ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berler. Sammitiň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Kaýa Kallas Aşgabatda 27-nji martda geçirilen ÝB – Merkezi Aziýa” 20-nji ministrler duşuşygyna başlyklyk etdi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022