Şenbe güni Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaralarynyň çäklerinde geçirilen çäre halkara möçberde çagalaryň bähbitlerine hyzmatdaşlyk boýunça möhüm başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Forumda çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň gazanan ähmiýetli üstünlikleri tanyşdyryldy. 2023–2028-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny, nahar duzuny we iýmitlik uny ýodlaşdyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, çaga ilatynyň 95 göteriminden gowragyna sanjymlaryň geçirilmegini gazanmakda, ýurtda inkýuziw bilim bermek işini üstünlikli ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler şeýle üstünlikleriň hataryndadyr.
Maslahata gatnaşyjylar döredilmeginiň 4 ýyllygy bellenilýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ähmiýetini aýratyn bellediler. Gaznanyň howandarlyga mätäç çagalary goldamak boýunça alyp barýan işleri ÝUNISEF-iň ýokary bahasyna eýe boldy. Munuň özi çylşyrymly ýagdaýda galan çagalara goldaw-kömek bermek işine Türkmenistanyň ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.
Şol gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Oňa ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko, Özbegistanyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa, Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzan Malwajerd, Gazagystanyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goragy ministri Mihail Sarjweladze, Türkiýäniň maşgala we durmuş goragy ministri Mahinur Göktaş, Ermenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň baş sekretary Wardanuş Grigorýan we “Askin&Co Med-Lab” kompaniýasynyň baş direktory Ralfa Lugbauer gatnaşdylar.
Dabaranyň çäklerinde türkmenistanly ýaş zehinleriň we daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň işgärleriniň çagalarynyň arasynda döredijilik bäsleşikleri geçirildi.
2021-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan Haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Döredilen wagtyndan bäri gazna dürli ýurtlarda tebigy hadysalardan ejir çeken çagalara dürli kömekleri berdi hem-de Türkmenistanda bejergä mätäç çagalaryň bejerilmegini üpjün etdi.