Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň barşynda türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Baştutany BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamany kabul etmeginiň halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki möhüm ähmiýetini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy hem-de türk wekiliýetiniň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösüş derejesini hem-de onuň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda pugtalandyrylýandygyny bellediler. Doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege parahatçylyk, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk arzuw etdiler.