"Üznüksiz hyzmat" togy sazlaýjy, üpjün ediji enjamlary öndürýän kärhana açdy

BT
"Üznüksiz hyzmat" togy sazlaýjy, üpjün ediji enjamlary öndürýän kärhana açdy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide “Üznüksiz hyzmat” kärhanasynyň diwarlygy, 2024-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Zaman Türkmenistan)

Geçen hepde “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze önümçilik kärhanasyny işe girizdi. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär. 

Döwrebap kärhana elektrik energiýasyny bökdençsiz üpjün ediji enjamlaryň önümçiligini giňelder we elektrik güýjenmesini sazlaýjy düzümleri çykarmaga girişer. Meýilnama laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli önümçilik hatary energiýa tygşytlaýjy enjamlar bilen üsti ýetiriler. 

Kompaniýanyň çykarýan “Çeşme” atly elektrik energiýasyny bökdençsiz üpjün ediji enjamy elektrik energiýasynyň gysga wagtlyk öçmelerinde enjamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Hünärmenler enjamlaryň durnukly işlemeginiň olaryň sarp edijilik derejesine we akkumulýatoryň öz wagtynda zarýada goýulmagyna baglydygyny belleýärler. 

“Üznüksiz hyzmat” kärhanasynyň halkara standartlara laýyk gelýän önümleri dürli ulgamlarda – köçeleri yşyklandyrmakda, ýolyşyklaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde, lukmançylyk edaralarynda, howa menzillerinde we ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýar. Elektrik energiýasyny bökdençsiz üpjün ediji enjamlar bilen bir hatarda, elektrik güýjenmesini sazlaýjy, elektrik paýlaýjy beketler kärhananyň önümleriniň hataryna girýär. 

2018-nji ýylda döredilen “Üznüksiz hyzmat” ilatyň häzirki zaman elektrik enjamlaryna bolan talaplaryny kanagatlandyrmagy maksat edinen, elektrik energiýasyny bökdençsiz üpjün ediji enjamlary öndürýän ilkinji kärhana boldy. Kompaniýa diňe bir önümler bilen üpjün etmän, olara tehniki we abatlaýyş hyzmatlary hem hödürleýär. 

2022