Premýer-ministr Şahbaz Şarif Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Pakistana sapara çagyrdy

BT
Premýer-ministr Şahbaz Şarif Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Pakistana sapara çagyrdy
Yslamabat, Pakistan (Surat: economy.pk)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif telefon arkaly söhbetdeş boldular. Onuň barşynda Pakistanyň Hökümetiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özleri üçin amatly wagtda Pakistana sapar bilen gelmäge çagyrdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Premýer-ministr Şahbaz Şarif şeýle hem Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň mähirli salamyny ýetirdi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we energetika ýaly dürli ulgamlarda ýurtlaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini bellediler. Iri transmilli gurluşyk taslamalaryň, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, elektrik geçirji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Pakistanyň Premýer-ministri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz ýurdunyň gyzyklanma bildirýändigini nygtap, BMG-niň çäklerinde 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýandygyny mälim etdi.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy maýynda ýola goýlandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022