Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany eýranly kärdeşini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taraplar Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi mähirli gutladylar. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň gowy arzuwlaryny Masud Pezeşkiana ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly gatnaşyklary türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Masud Pezeşkian öz gezeginde köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtap, Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy özleri üçin amatly wagtda Eýrana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar birek-birege berk jan saglyk, üstünlikler, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.