Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Huseýn Al-Musallam (çepdäki) bilen Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani (sagdaky), 2025-nji ýylyň 2-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ýaş nesli sport görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň halkara sport  guramalary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýratyn üns çekildi. Sport düzümlerini kämilleşdirmek, türgenler üçin amatly şertleri döretmek, halkara derejeli ýaryşlary guramak ýurduň sport strategiýasynyň möhüm ugurlary bolmagynda galýar. Halkara wekiliýetler dünýäde Olimpiýa hereketini ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa düzümleriniň ýolbaşçylarynyň şu gezekki saparynyň sport hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge we täze taslamalara başlamaga ýardam etjekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti öz ýurdy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin Huseýn Al-Musallama hem-de Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanä hoşallyk bildirip, Aziýa yklymynda Olimpiýa hereketini ösdürmekde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen duşuşygy boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022