Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew çarşenbe güni Kişinew şäherinde Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň (SSP) prezidenti Sergeý Harýa we wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň işewür jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.
Taraplar döwletleriň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Moldowa mineral dökünleri, nebit we dokma önümleri eksport edýär, Moldowa bolsa öz gezeginde derman we himiýa serişdeleri hem-de azyk harytlary iberýär.
Moldowanyň SSP-niň bellemegine görä, Respublika özara söwdanyň gerimini giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.
Duşuşykda ulag-logistika meselelerine aýratyn üns berildi. Ilçi Toýly Ataýew yzygiderli ösýän halkara logistika merkez hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän strategik ähmiýetli ornuny, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we täze üstaşyr geçelgeleriň ähmiýetini belledi. Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany we Rumyniýany özara baglanyşdyrýan “Hazar deňzi – Gara deňzi” geçelgesi geljegi uly taslamalaryň hatarynda görkezildi.
Gepleşiklere gatnaşyjylar işewürlik we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy moldowa tarapyny Türkmenistanda geçiriljek çärelere, şol sanda maý aýynda Aşgabatda guraljak milli halylaryň sergisine gatnaşmaga çagyrdy.