Türkmenistanyň Prezidenti Samarkant şäherinde ÝTÖB-iň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Samarkant şäherinde ÝTÖB-iň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso, 2025-nji ýylyň 3-nji apreli, Samarkant, Özbegistan (Surat: ТНР)

Özbegistanda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň penşenbe güni Samarkant şäherinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitiniň çäklerinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Söhebtdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň öňdebaryjy maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝTÖB bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. 

Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, bankyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Energetika, ulag we sanly ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 1991-nji ýylda 40 ýurduň we iki halkara guramanyň gatnaşmagynda döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar. Onuň Türkmenistandaky işleri 1992-nji ýylda badalga aldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022