Türkmenistan we Moldowa ýokary derejedäki duşuşyklaryň tertibini ylalaşdylar

BT
Türkmenistan we Moldowa ýokary derejedäki duşuşyklaryň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowadaky ilçisi Toýly Ataýew bilen Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň döwlet sekretary Sergeý Mihow, 2025-nji ýylyň 3-nji apreli, Kişinew, Moldowa (Surat: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky ilçisi Toýly Ataýew penşenbe güni Kişinew şäherinde Moldawa Republikasynyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Sergeý Mihow bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar geljek ýylda geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň tertibini ylalaşdylar diýip, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.

Moldowanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, ylym-bilim we ynsanperwer gatnaşyklary hem-de medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlandy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri we parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Mundan başga-da, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-moldowa toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek boýunça ylalaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga Moldowanyň ýolbaşçylaryna çakylygyň iberilendigi barada ýatlatdy.

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde türkmen diplomaty Moldowa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa boýunça Baş gözegçilik gullugynyň başlygy we onuň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022