2024-nji ýylda Seýdiniň pagta egriji fabriginde bahasy 65,9 million manada barabar bolan 2 müň 267 tonna ýüplük öndürildi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Kärhananyň ykdysadyýetçisi Güljahan Haýtyýewanyň bellemegine görä, öndürilen önümiň jemi möçberiniň 1 müň 719 tonnasy eýýäm ýerlenildi. Şunda eksporta ugradylýan ýüplügiň möçberi 152 tonna deň boldy. 2025-nji ýylyň başyndan bäri fabrika 11,9 million manatlyk 338 tonna ýüplük öndürdi. Şonuň 110 tonnasy bolsa ýurduň içerki bazarlaryna iberildi.
Häzirki wagtda bu ýerde 170 sany hünärmen zähmet çekýär. Pagta süýümini arassalamak, gaýtadan işlemek, 27 we 34 belgili önümçilik ýüplügini öndürmek kärhananyň tehnologik işiniň hataryna girýär.
2014-nji ýylda ulanmaga berlen kärhana ýyllyk taslama kuwwaty 6 müň tonna ýüplük öndürmäge niýetlenen awtomatlaşdyrylan önümçilik düzümleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň taýýar önümleri bäş ýurda – Belarusa, Türkiýä, Russiýa Federasiýasyna, Belgiýa we Gyrgyzystana Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly eksporta edilýär.