Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) başlygy Mergen Gurdowyň penşenbe güni Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar bilelikdäki sergileri we işewürlik maslahatlary guramak mümkinçiliklerine seretdiler diýip, TSSE habar berýär.
Duşuşykda iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlaryny kesgitlediler.
Ýangyç-energetika toplumy, ulag-logistika, oba hojalygy we dokma senagaty hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Ermenistanyň wekilleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $22 milliona barabar boldy.