Türkmenistan BMG-niň wekillerini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

BT
Türkmenistan BMG-niň wekillerini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi, 2025-nji ýylyň 3-nji apreli, Ženewa, Şweýsariýa (Surat: Türkmen wekilhanasy)

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda Aşgabatda geçirjek halkara forumyna Birleşen Milletler Guramasynyň wekillerini resmi taýdan çagyrdy. Bu barada BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew penşenbe güni BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowa bilen duşuşyklary geçirdi. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlyk we halkara gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylaryna Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan resmi çakylyklar gowşuryldy. 

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem BMG-niň Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň 2 – 4-nji aprelde durnukly ösüş boýunça geçiren sebitleýin maslahatyna hem gatnaşdy. Forumyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, şol sanda gender deňligini, mynasyp iş şertlerini üpjün etmek, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek we deňiz ekoulgamyny goramak boýunça ileri tutulýan milli garaýyşlar tanyşdyryldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022