Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şenbe güni geçirilen mejlisinde dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almagyň wajypdygyny nygtady. Bu boýunça wise-premýer Nökerguly Atagulyýewe degişli tabşyryklar berildi.
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň bellemegine görä, şu ýylyň birinji çärýeginde söwda toplumynyň esasy ugurlarynda oňyn ösüş depgini gazanyldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygy 13 göterim ösüp, öndürilen önümler 1,2 göterim artdy.
14,2 göterim ösüş bilen dokma pudagy oňyn görkezijileri gazandy. Nah ýüplügiň önümçiligi 42,9 göterim, nah mata öndürilişi 50,9 göterim, taýýar tikin we örülen önümleriňki 4,3 göterim, gön önümleriňki 40,4 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 6 878 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 2,1 göterim artdy.
Hususy pudakda – Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hem oňyn görkezijiler gazanyldy: oba hojalyk we azyk önümleriň möçberi 7,1 göterim, senagat önümleriňki bolsa 4,3 göterim ýokarlandy.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň 3 aýynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.