Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2025-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 079,01 million manada ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 716,42 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2025-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 49 milliard 550 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 54 milliard 457 million manada deň boldy.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 14 milliard 877 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 12 milliard 356 million manada ýetdi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 25 milliard 651 million manada barabar boldy. 2024-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 21 milliard 903 million manada deň boldy.