29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Aşgabatda daşary ýurt bazarlaryna çykmaga gyzyklanma bildirýän kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin “Halkara söwda we hyzmatlar 2025” atly sergi ýarmarkasy (ITSE 2025) geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi sişenbe güni habar berdi.
Bu çäre halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, geljegi uly bazarlara elýeterliligi üpjün etmäge we eksport amallaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Gatnaşyjylar işewürlik gatnaşyklary ýola goýup, tejribe alşyp hem-de öz önümlerini geljegi uly hyzmatdaşlara hödürläp bilerler.
“ITSE 2025” işewürlere we maýadarlara daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak, özleriniň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmak hem-de “B2B” we “B2G” görnüşdäki duşuşyklary geçirmek üçin amatly meýdançany hödürlär. Onuň maksatnamasynda işewürleriň özara pikir alyşmalary üçin bölümçeler we çekişme söhbetdeşlikler göz öňünde tutulandyr.
Sergi pudaklarda alnyp barylýan işleriň giň ugurlaryny – azyk we oba hojalyk önümlerden başlap elektron söwdany, tehnologiýalary, senagat önümçiligini öz içine alýar. Eksport edijiler, önüm öndürijiler, bölek we lomaý söwda gatnaşyjylar, bilermenler, geňeşçiler we startaplar çärä gatnaşyjylaryň hatarynda bolar.
Guramaçylar serginiň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek we uzakmöhletleýin işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigini belleýärler.