29-30-njy aprelde Aşgabatda ählumumy işewürlik gurşawyna hil stnadartlaryny ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanan “QACIS 2025” halkara maslahaty geçiriler. Ol sanly özgertmeler we ählumumy bädeşligiň barha artýan şertlerinde standartlaşdyrma tejribelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 8 ýurtdan bilermenleri, hökümetiň we hususy pudagyň wekillerini bir ýere jemlär diýlip, çäräniň web-saýtynda habar berilýär.
“World Halal Trust Group”, “Control Union Quality”, “Bureau Veritas”, “SGS” kompaniýalarynyň wekilleri hem-de “Global G.A.P.” we “OEKO-TEX” standartlaşdyrma düzümleriniň hünärmenleri çärä gatnaşyjylaryň hatarynda bolar. Çärä çagyrylan daşary ýurt wekilleriň arasynda ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Awstraliýadan we Aziýa ýurtlardan hem wekiller bar.
Maslahatyň dowamynda gurluşyk, nebitgaz, azyk we derman senagaty ýaly esasy pudaklarda “ISO” standartlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem sertifikatlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we tejribe alyşmaga gönükdirilen “B2B” we “B2G” görnüşdäki işewürlik duşuşyklar hem göz öňünde tutulýar.
Guramaçylar “QACIS 2025” maslahatyna gatnaşmagyň standartlaşdyrmak babatda halkara talaplar barada möhüm maglumatlar bilen tanyşmaga kompaniýalara mümkinçilikleri döretjekdigini hem-de önümleriniň we hyzmatlarynyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belleýärler.