YTB-niň ýolbaşçysy Türkmenistana sapar bilen geldi

BT
YTB-niň ýolbaşçysy Türkmenistana sapar bilen geldi
Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkleriň we garyndaş jemgyýetleriň işleri baradaky müdirliginiň başlygy Abdullah Eren, 2025-nji ýylyň 7-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Abdullah Ereniň "Insagram" platformasyndaky sahypasy)

Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkleriň we garyndaş jemgyýetleriň işleri baradaky müdirliginiň (YTB) başlygy Abdullah Eren duşenbe güni Aşgabada sapar bilen geldi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. 

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet, bilim ministrleri hem-de 5 sany ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde çarşenbe güni “Merw” taryhy  ýadygärlikler toplumyna baryp görmek göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde Abdullah Eren köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş etdi. Onda ýurtlaryň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy barada aýdyldy. 

“Häzirki wagtda Türkiýede Türkmenistandan 29 müňe golaý talyp bilim alýar. Türkmenistanyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bolan gepleşiklerimiziň barşynda biz bu sany söhbetdeşlikleri geçirmek arkaly artdyrmak boýunça işleri dowam etmek barada ylalaşdyk. “Türkiýäniň talyp haklary” maksatnamasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistandan 100 talyp biziň ýurdumyzda bilim alýar. Şu ýyl biz ýene azyndan 100 talyba talyp haklaryny hödürlemegi meýilleşdirýäris” diýip, YTB-niň başlygy aýtdy. 

Türkiýäniň döwlet edarasynyň ýolbaşçysy şeýle hem 1992-nji ýyldan bäri Türkiýäniň 3 müňden gowrak türkmen talybyna talyp hakly okuwlary hödürländigini, iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyny belledi. 

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Daşary ýurtlardaky türkleriň we garyndaş jemgyýetleriň işleri baradaky müdirligi daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkler hem-de gelip çykyşy we medeniýeti ýakyn bolan halklar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen döredilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022