“Altyn Ýunus” türkmen kärhanasy şekersiz “Menta” atly sakgyçlaryny Balkan sebitiniň 5 ýurduna – Demirgazyk Makedoniýa, Kosowa, Serbiýa, Çernogoriýa we Albaniýa iberilmegini ýola goýup, eksportynyň gerimini giňeltdi. Önümleriň 25 tonnadan ybarat birinji tapgyry 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda bu ýurtlara iberildi diýip, kompaniýanyň hünärmeni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
Eksport edilen önümler 12 sany dürli tagamly sakgyçlary öz içine alýar. Şolaryň hatarynda ýertudana-banan, ýabany we adaty narpyz, ekwalipt, garpyz, ülje, çernik, tropiki miwe tagamly görnüşler bar. “Menta” atly sakgyçlar tagamynyň uzak wagtlap saklanýandygy, düzüminde şekeriň ýokdugy we dişler üçin zyýansyzdygy taýdan tapawutlanýar.
“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy türkmen bazarynda eýýäm 10 ýyldan bäri işläp gelýär. Ýewropanyň Balkan ýurtlarynyň bazarlaryny özleşdirmezden ozal, kärhana öz önümlerini Azerbaýjana, Täjigistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa we Yraga eksport edýärdi.
Kärhananyň önümçilik toplumy Türkiýeden we Ýewropa ýurtlaryndan getirilen ýokary we häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Öndürilýän ähli önümleriň hili kärhananyň barlaghanasynda işleýän hünärmenler tarapyndan gözegçilik edilýär.
Önümçilik bilen bir hatarda, “Altyn Ýunus” daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlaryny paýlaýjy hökmünde hem çykyş edýär. Bu ugurda ýörite taýýarlanylan topar Türkmenistanyň ähli ýerini import edilen harytlar bilen üpjün etmekde iş alyp barýar.