7-8-nji aprelde Aşgabat şäherinde ýerleşýän Hazar deňzi institutynda Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleriniň gatnaşmagynda deňiz serhet çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk zolaklarynyň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriň bellenilmegi bilen bagly meselelere bagyşlanan özara geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýetine Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, Eýranyň wekiliýetine bolsa ýurduň daşary işler ministriniň Hazar deňziniň meseleleri boýunça kömekçisi Alireza Jahangiri başlyklyk etdi.
Taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, şol sanda sebitde daşky gurşawy goramagyň ugurlary boýunça özara pikir alyşdylar.
Hazar deňzi – Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän, dünýäde iň iri ýapyk suw gurşawydyr. Dünýä ummanlary bilen baglanyşygy bolmadyk içerki deňziň 371 müň inedördül meýdany bar. Onuň kenarynda bäş ýurt – Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan we Eýran ýerleşýär.