Türkmenistan we BSG ýurduň gurama goşulmak meselelerini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we BSG ýurduň gurama goşulmak meselelerini maslahatlaşdylar
Hojamyrat Geldimyradowyň Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 9-njy apreli, Ženewa, Şweýsariýa (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow çarşenbe güni Ženewa şäherinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen gepleşikleri geçirdi. Onda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak meselelerine aýratyn üns berildi. 

Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

BSG-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň tagallalaryna oňyn baha berdi hem-de ýurduň gurama agza bolup goşulmagynda hünärmenleriň ýokary taýýarlyk derejesini belledi. 

Ngozi Okonjo-Iweala ýurduň halkara söwda ulgamyna goşulyşmagyna edýän strategiki goldawlary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. 

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar köptaraplaýyn söwda ulgamynyň çäklerinde dialogy berkitmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 

1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä Söwda Gurmasy ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklary düzgünleşdirýän iri halkara düzüm bolup çykyş edýär. Söwda ylalaşykalary boýunça gepleşikleriň geçirilmegi üçin amatly meýdançany hödürleýän gurama söwda gatnaşyklarynda gümrük paçlarynyň azaldylmagyna we kynçylyklaryň aradan aýrylmagyna hem-de agza döwletleriň arasynda söwda babatda düşünişmezlikleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär. Häzirki döwürde 164 döwlet BSG-niň agzasydyr. 

2022