Wolgograd Türkmenistandan dokma önümleri satyn almaga gyzyklanma bildirýär

BT
Wolgograd Türkmenistandan dokma önümleri satyn almaga gyzyklanma bildirýär
Russiýanyň Wolgograd oblastynyň işewürler jemgyýetiniň wekilleriniň Türkmenistanyň dokma kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 9-njy apreli, Wolgograd, Russiýa (Surat: tca.gov.tm)

Russiýanyň Wolgograd oblastynyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumynyň hem-de “Kaka” dokma toplumynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilen dokma önümleri eksport etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi. 

Taraplar dokma pudagynda bilelikdäki taslamalary işe girizmegiň we özara söwda gatnaşyklary berktimegiň mümkinçilerini öwrendiler. 

Duşuşyk Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsullyk edarasynyň ýardamy bilen hem-de Wolgograd oblastynyň Ykdysady syýasat baradaky komitetiniň başlangyjy bilen geçirildi. 

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 

Mundan öň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dokma senagatyna degişli önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekipdi. 

2022