Çelýabinskiniň kompressor enjamlary öndürýän kärhanasy gysyjy enjamlaýyn düzümleri ibermek üçin Türkmenistandaky geljegi uly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýdy. Bu barada kärhananyň eksport satuwyny ösdürmek boýunça başlygy Artýom Truskow mälim etdi.
Enjamlaryň iberilişi ýollary we köprüleri gurmak boýunça iş alyp barýan rus kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi penşenbe güni habar berdi.
A.Truskowyň bellemegine görä, amala aşyrylan işewürlik saparynyň dowamynda ýerli işewürler bilen göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Geçirilen duşuşyklarda kärhana nebitgaz, dokma we gurluşyk ýaly dürli pudaklarda ulanylýan önümlerini we çözgütlerini tanyşdyrdy.
Çelýabinskiniň kompressor enjamlary öndürýän kärhanasy geljekde ýerli bazardaky ornuny giňeldip hem-de harytlaryň göni iberilişini ýola goýup, türkmen hyzmatdaşlary bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Çelýabinskiniň kompressor enjamlary öndürýän kärhanasy Russiýada gysyjy tehnikalary, elektrik we dizel hereketlendirijili aýlanýan gysyjy düzümleri öndürmäge ýöriteleşen iri öndüriji bolup durýar. Kompaniýa Russiýada we ondan daşardaky döwletlerde dürli pudaklarda iş alyp barýan kärhanalara hyzmatlaryny hödürleýär.