“Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynyň çäginde bir gije-gündizde 10 tonna çenli guş iýmelerini öndürmäge ukyply täze kärhana işe girizildi. Bu barada “Balkan” gazetinde penşenbe güni habar berildi.
Önümçilik toplumynyň işe girizilmegi guşlary ýokary hilli iýmler bilen üpjün etmek ulgamynda möhüm waka boldy. Ol önümçiligiň netijeliligi düýpli ýokarlandyrar hem-de kärhananyň durnukly ösüşini üpjün eder.
“Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň önümleri halkara bazarlarda ýokary bäsdeşlige ukyplydyr. Her ýyl 8 – 18 million guş ýumurtgasyny öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumy ýokary öndürijilikli guşlary doly derejede saklamak we idetmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Kärhana guşlary senagat taýdan köpeltmek boýunça taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bu ugurda Türkmenistanda öňdebaryjy kärhanalaryň biri boldy. Ýylda 12 million jüýjäni çykarmaga ukyply inkubator ulgamy barlagdan geçen usullar arkaly et görnüşli broýler towuklaryny we guş ýumurtgasyny senagat möçberde öndürmäge şertleri döredýär.