Şu ýylyň maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.
Serginiň çäklerinde türkmen kärhanalarynyň dürli pudaklarda öndürýän eksport ugurly önümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň çykarýan harytlary görkeziler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň geçirilmegini makullap, oňa taýýarlyk işlerini görmek barada wise-premýere tabşyryklary berdi.
Mundan öň, ýagny 2024-nji ýylyň awgust aýynda söwda ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim bolan “Iran Agrofood” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilipdi.