TDHÇMB

Türkmenistan GDA-nyň Almatyda geçirilen mejlisine gatnaşdy

BT
Türkmenistan GDA-nyň Almatyda geçirilen mejlisine gatnaşdy
GDA agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, 2025-nji ýylyň 11-nji apreli, Almaty, Gazagystan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 11-nji aprelde Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlise şeýle hem Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

GDA agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, 2025-nji ýylyň 11-nji apreli, Almaty, Gazagystan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Taraplar syýasy-diplomatik ulgamda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meselelerini, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem şol gün Almaty şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” görnüşindäki daşary işler ministrlerleriň duşuşygy geçirildi. Onda Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlarynyň soňky sammitinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça çäreler ylalaşyldy.

Aprel 21, 2025