Aşgabatda alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler

BT
Aşgabatda alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler
Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň ýaryşyndan pursat, 2023-nji ýylyň 27-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Şu ýylyň 22 – 25-nji aprelinde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýörite iş topary döredildi. Häzirki wagtda tassyklanan meýilnama laýyklykda guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Ýaryş iri sport çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini ilerletmek üçin möhüm meýdança öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlary geçirmegiň ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022