Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň birnäçe kanunlaryna giriziljek üýtgetmelere serederler

BT
Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň birnäçe kanunlaryna giriziljek üýtgetmelere serederler
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 4-nji maslahaty, 2023-nji ýylyň 25-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilýän nobatdaky maslahatynda deputatlar birnäçe kanunlara we kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girimzek boýunça meselelere serederler. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Maslahatyň mälim edilen gün tertibine laýyklykda, Parlamentiň deputatlary “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny, “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri hem Mejlisiň maslahatynyň gün tertibine girizildi. Serediljek şeýle taslamalaryň hatarynda “Administratiw önümçilik hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” we “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022