Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti penşenbe güni Antalýa şäherinde geçirilen dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň işine gatnaşdy. “Hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ösüş” bölüminde çykyş eden türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary barada halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrdy.
Durnukly ulag ulgamynyň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek we Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny döretmek şeýle başlangyçlaryň hataryndadyr diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine aýratyn üns berildi. Munuň özi hyzmatdaşlygy we ählumumy durnuklylygy ilerletmekde Türkmenistanyň goşýan goşandynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nyşany boldy.
Forumyň çäklerinde wise-premýer H.Geldimyradowyň Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Özwar bilen duşuşygy boldy. Taraplar ylym we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilelikdäki çäreleri geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar.