Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda deputatlar ýurduň durmuş-ykdysady taýdan netijeli ösmegine gönükdirilen birnäçe kanunlary kabul etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutulyp işlenilip taýýarlanylan resminamalar milli parlamentiň ähli komitetlerinde, ugurdaş ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarda deslapky gezek ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany esasy çözgütleriň hatarynda boldy. Ol adyl kazyýet ulgamynda hukuk binýady kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna döredilen ýubileý medalyň döredilmeginiň hukuk binýadynyň üstüni ýetirýän kanunçylyk taslamasy kabul edildi.
Parlamentariýler şeýle hem deňiz giňişliginde howpsuzlyk ülňüleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen 1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna Türkmenistanyň goşulmagyny makulladylar.
Ulag ulgamynda degişli kanunçylyk namalaryna hem üýtgetmeler girizildi. Hususan-da, ýük daşalyşda howpsuzlyk kadalary hem-de dolandyryş edaralaryň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligiň şeýle hem “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşamaçalar girizildi.
“Migrasiýa hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda” hereket edýän Kanunlara, Jenaýat, Zähmet we başga-da birnäçe kodekslere, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizildi. “Migrasiýa hakynda” goşmaçalar girizilen Kanunda sanly ulgam arkaly elektron wizalaryň resmileşdirilmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa alnyp barlan işler barada ýyllyk maglumaty bilen çykyş etdi.