Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň duşenbe güni Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdun bilen duşuşygy boldy. Bu formata gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän sammitine taýýarlyk meseleleri gepleşikleriň esasy mazmuny boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebit ýurtlarynyň we HHR-iň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan gurallaryna ýokary baha berdiler hem-de onuň netijeli häsiýetini bellediler.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, energetika ulgamynyň, ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň we medeni-ynsanperwer alyşmalaryň esasy ugurlaryna garaldy.
Söhbetdeşler strategik we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynanyşmagyň hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam edýär.
2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Hytaýyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Şensi sebitiniň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” farmatyndaky döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti geçirildi.